Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ýürekler buýsançdan doly

21.10.2024

Hemmämize mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mary şäheriniň gözel künjeginde welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze binasy açylyp, ulanylmaga berildi. Bu waka ähli saglygy goraýyş işgärleri bilen birlikde ildeşlerimizi hem diýseň begendirdi hem buýsandyrdy. Şeýle döwrebap binada işlemek, halka hyzmat etmek bagty miýesser eden Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmanlary öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi biz — saglygy goraýyş işgärlerine ajaýyp sowgat boldy. Gullugymyzyň täze edara binasynyň bakteriologiýa barlaghanasy dünýä belli innowasion tehnologiýalaryny özünde jemleýän Fransiýa döwletiniň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, onda ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleri bilen baglanyşykly geçirilýän bakteriologiýa barlaglarynyň, iýmit önümleriniň we azyklyk çig malynyň, suwuň, topragyň düzüminde we adamyň ýaşaýan gurşawynyň beýleki obýektlerinde, bejeriş, öňüni alyş edaralarynyň içinde ýaýraýan ýokanç kesel dörediji mikroorganizmleriň ähli görnüşlerini anyklamaga mümkinçilikler bar. Bu bolsa ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda, ilatymyzyň saglyk abadançylygyny üpjün etmekde özüniň mynasyp goşandyny goşar.

Bize şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, döwrebap şertlerde zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülnabat HALLYÝEWA.
Bakteriologiýa barlaghanasynyň müdiri