Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

6-njy oktýabr — Hatyra güni

03.10.2024

Watanymyzyň asudalygy ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň hem-de 1948-nji ýylyň heläkçiligi Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlar ýatlanylyp, welaýatymyzda hem Hatyra güni bellenilýär. Asyrlar, ýyllar geçse-de, ýowuz jeňlerde edermenlik görkezen türkmen gerçekleriniň, gahrymanlarynyň ady halkymyzyň kalbynda hemişelik ýaşaýar. Ýurdumyzda öten-geçenlerimizi hatyralamak we olaryň ruhlaryny şat etmek halkymyzyň ençeme asyrlardan bäri dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Asylly däbine eýerýän halkymyz Hatyra güni merhumlaryny hormat bilen ýatlaýar we hatyralaýar.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije Aşgabatda bolup geçen tebigy betbagtçylyk müňlerçe adamlaryň ömür tanapyny üzüpdi. Şol gije bolan güýçli ýer titremesinde halkymyz agyr ýitgiler çekdi, onuň salan ýarasy enteklerem biter ýaly däl. Biwagt wepat bolanlaryň hatyrasyna beriljek sadakalar, okaljak aýat-töwirler hem-de ediljek ýagşy dilegler kabul bolsun!

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz aladalary bilen barha rowaçlanýan ýurdumyzyň ilaty öz merdanalaryny unutmaýar, olar ýüreklerde baky ýaşaýar.

Ogulşat BERKELIÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.