Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Nesil terbiýesi — wajyp wezipe

03.10.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çagalaryň aň-düşünjesiniň ýokary bolmagy ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, mugallymlardyr terbiýeçiler çaga terbiýesiniň ýokary bolmagy, olaryň döwrebap kemala gelmegi ugrunda irginsiz aladalanýarlar. Çagalar baglaryna gatnaýan her bir körpäniň bilimli-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, eziz Watana, ene-atasyna wepaly bolup ýetişmegi üçin terbiýeçi-mugallymlar yhlasly zähmet çekýärler.

Murgap etrabyndaky 11-nji çagalar bakja-bagynyň işgärleri hem nesil terbiýesine jogapkärli çemeleşýärler. Selbinýaz Gurbanowa indi 11 ýyldan bäri bu ýerde terbiýeçi bolup zähmet çekip gelýär. Onuň «Towşanjyk» atly mekdebe taýýarlaýyş toparynda çagalaryň 14-si terbiýelenilýär. Toparda terbiýeçiniň işiniň ilerlemeginde kömekçisi Amangül Mämmedowanyň goşandy uludyr.

Selbinýaz Gurbanowa çagalaryň her bir gününiň netijeli geçmegini gazanýar. Ol körpeleriň sözleýiş dilini ösdürmekde, sanamagy, harplary tanamagy üçin dürli görkezme esbaplaryndan, suratlardan ýerlikli peýdalanýar. Terbiýeçi çagalara türkmen halk ertekileridir beýleki halklaryň meşhur ertekilerini gyzykly aýdyp berýär. Munuň üçin çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň ene-atalary hoşallyk bildirýärler.

— Çagalar maşgalada, çagalar bagynda, mekdepde we durmuşda, daş-töweregini gurşap alýan ähli zatlaryň täsirinde terbiýelenýärler. Mekdebe çenli döwürde çaganyň aňy, bilesigelijiligi ösýär. Olaryň başlangyç bilim derejesi çagalar bagyndan başlanýar. Muňa dogry düşünip, biz yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekmäge çalyşýarys — diýip, terbiýeçi zenan gürrüň berdi.

Biz S. Gurbanowanyň kärdeşleri bilen söhbetdeş bolanymyzda onuň tejribeli terbiýeçidigine doly göz ýetirdik. “Yhlasly işde haýyr bar” diýlişi ýaly, Selbinýazyň hem öz kärine bolan yhlasy ony uly üstünliklere ýetirýär.

Galina RAHIMOWA.

“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: tejribeli terbiýeçi Selbinýaz Gurbanowa çagalar bilen sapak wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.