Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni

26.09.2024

“Ýaşulusy bolmadygyň, ýaş kiçisi bolmaz”, “Garryly öý — gaznaly öý”, “Edebiň ýagşysy — ulyny sylamak”, “Ulusyny sylan beg bolar” diýen pähimler milli medeniýetimiziň aýratynlyklarynyň biridir. Ulyny salmak, kiçä hormat goýmak ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Toý güni obanyň ýaşulularynyň märekede aý gurap oturmaklary bilen toý özüniň hakyky görnüşine girýär” diýip, ýaşuly nesle goýulýan hormat-sylag barada aýratyn nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, mertebesini belent tutmak asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelen asylly ýörelgämiz bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ony mynasyp dowam etdirýäris” diýip belleýşi ýaly, ajaýyp zamanamyzda ýaşuly nesliň hormaty örän uludyr. Olara hormat goýmak, görüm-göreldesine eýermek, durmuş tejribesinden toplan pähim-paýhaslaryna gulak asmak röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Aslynda, halkymyz bir işiň başyna barjak bolanda, ilki bilen, ýaşulularyň maslahatyny alýarlar. Olaryň berýän pentleri, öwütleri ýaşlary dogry ýoldan ýöremegi, ýagşyny-ýamany saýgarmagy, kynçylykly ýagdaýlardan baş alyp çykmagy ündeýär.

Ululara hormat goýmagyň ýaşkiçilere bolan söýgüden başlanýandygyny ündeýän halkymyz agzybirligi, jebisligi, birek-biregi hormatlamak düşünjeleri berkidipdir. Bu ýörelge ajaýyp zamanamyzda has-da ösýär, kämilleşýär. Munuň şeýledigine gözel Diýarymyzda geçirilýän döwletli tutumlaryň başy başlananda, il sylagly ýaşulularymyza sala salnyp, kümüş saçly enelerimiziň ündewleriniň diňlenilmegi hem aýdyň subutnamadyr. Sebäbi, uly tutumlarda, toý-märekede ýaşulularyň tejribesine daýanmak, döwletli işlerde olaryň ak patasyny almak rowaçlygyň özenidir.

Däp bolup gelşi ýaly, agzybir türkmen halkymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem «Ýaşulularyň halkara gününi» uly dabara bilen toýlaýar. Sebäbi şol gün — mekdep hem wesýet bolup ýaşaýan, ajaýyp durmuşymyzyň, agzybir ýaşaýşymyzyň bezegi ýaşuly nesliň, ömür menzillerinde kämillik tapan ynsanlaryň baýramy. Goý, aramyzda görüm-göreldäniň mekdebi bolup ýaşaýan ýaşuly nesillerimiziň ömürleri uzak, görjekleri gowy bolsun!

Baýramyňyz gutly bolsun, hormatly ýaşulularymyz!

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.