Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna
26.09.2024
Belent sepgitlere, şanly wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly senesi — Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň uly toýy ýetip geldi. Toýa sowgatly barmagyň asylly däbine eýerýän türkmen ili baş baýramyna zähmet sowgatly geldi. Buýsançly sene mynasybetli welaýatymyzda täze binalardyr desgalaryň ençemesi ulanylmaga berildi.
Garagum etrap kazyýetiniň täze, döwrebap edara binasynyň açylyş dabarasy alyslara aşdy. Döwrebap derejede gurlan iki gatly gözel bina mejlisler zalynyň 2-sinden, iş otaglarynyň 7-sinden ybarat bolup, olarda ähli amatlyklar döredilendir. Şeýle hem şol günlerde şu etrapda etrabyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýşyň döwrebap desgasy ulanylmaga berildi. Şeýle desga welaýatymyzyň Wekilbazar etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesinde-de gurlup, açylyş dabarasynyň ýaňy uly toýuň buşlukçysy bolup ýaňlandy. Soňky ýatlanan desgalaryň ulanylmaga berilmegi ulaglaryň ähli görnüşlerini tehniki gözegçilikden geçirmekde hemmeler üçin goşmaça amatlyklary döreder.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramynyň öň ýanynda biz ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Has takygy, “Marytelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Tagtabazar etrap bölüminiň täze döwrebap binasynyň açylyşy hem şatlyk-şowhuna beslendi. Iki gatdan ybarat binada otaglaryň 16-sy bolup, olar önümçilik we sanly ulgamyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Döwrebap ymaratyň ulanylmaga berilmegi etrabyň ilatyna edilýän aragatnaşyk hyzmatynyň hilini ýokary derejelere çykarmaga mümkinçilik berer.
Ýokarda ýatlanan binalardyr desgalaryň açylyş dabaralarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlandy. Aýdym-sazyň şirin owazy tansçylaryň şowhunly tanslary bilen utgaşyp, Beýik Garaşsyzlygymyzyň uly toýunyň ýetip gelýändigini il-günümizde şatlyk-şowhun bilen äşgär etdi.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.