Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna girişildi
12.09.2024
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde welaýatymyzyň pagtaçylary 162 müň gektarda pagtanyň boldumly hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Daýhanyň alyn deri bilen kemala getirilen pagta hasylyny çalt we isirpsiz ýygnap, Watan harmanyna ýokary hil derejesinde goşant etmek örän jogapkärli wezipe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 6-njy sentýabrynda geçirilen mejlisinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda edermen pagtaçylarymyzyň ösdürip ýetişdiren “ak altyn” hasylyny ýygnap, beýik zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna, olaryň bellenilen sepgitleri eýelejekdiklerine ynanýandygyny nygtap geçdi.
Pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek üçin, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişmäge ak pata berip, hormatly ýaşulularyň pagta ýygymyna “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip, welaýatymyzda pagta ýygymyna girişmäge bagyşlanyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, şäher, etrap häkimleri, olaryň orunbasarlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, oba senagat toplumynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.
Maslahatda welaýatyň häkimi Begençmyrat Orazow çykyş etdi. Ol welaýatymyzyň zähmetsöýer kärendeçileriniň 162 müň gektarda bereketli pagta hasylyny ýetişdirendiklerini aýtdy. Ol öz çykyşynda ýetip gelen pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmek üçin hemmetaraplaýyn taýýarlykly gelnendigini belledi.
Welaýat häkimi çykyşynyň dowamynda bol hasyl ýetişdirmekde pagtaçy kärendeçilere ýeňillikleriň, hemaýat-goldawlaryň berilýändigi, döredijilikli zähmet çekmek üçin şertleriň döredilýändigi, şeýle hem pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize ýürek joşgunyny beýan etdi. Pagta ýygymy möwsüminiň ýetip gelmegi bilen, pagtaçylaryň üstünlikli zähmet çekmekleri, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur şertler döredilýär. Tehnikalaryň we pagta ýygyjy kombaýnlaryň bökdençsiz işledilmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Şu we beýleki işler barada maslahatda çykyş edenler giňişleýin gürrüň etdiler.
Jogapkärli pagta ýygymy möwsümine girişilmegine bagyşlanyp Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ak dona bürenen gowaça meýdanynda toý dabarasy uludan tutuldy. Bu ýere ýygnanan toý märekesi atyzyň gyrasynda hatara goýlan tehniklara, dürli görnüşli sergilere uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarydyr tanslarynyň owazy belentden ýaňlandy.
Tolgundyryjy pursadyň gelmegi bilen il sylagly ýaşulular döwletli işiň başyny başladylar. Olar ýagşy arzuwlar bilen doga-dilegler edip, “Bismilla” bilen ilkinji ak hanalary sogrup, pagta ýygmaga başladylar.
“Ýylymyz bereketli, rysgally bolsun!” “Harmanyňyza bereket!” diýen dilegler bilen şowlulyk arzuw etdiler.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: pagta ýygymyna girişilmegine bagyşlanan dabaraly pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.