Belent sepgitleriň aýdyň ýoly
12.09.2024
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň bady ýylsaýyn artýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan ýokary görkezijiler, ýetilýän belent sepgitler hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny, aragatnaşyk, ulag ulgamlaryny durnukly ösdürmek bilen bagly tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da rowaç alýandygy guwanjymyzy goşalandyrýar.
Türkmenistan döwletimiziň geografiki taýdan sebitleriň we yklymlaryň amatly geçelgesinde ýerleşmegi halkara ulag-üstaşyr ulgamyny ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Şonuň üçinem bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine Türkmenistan döwletimiz uly ähmiýet berýär. Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistan — Owganystan — — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan— Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygyna ak pata berildi. Bu taryhy waka Türkmenistan döwletimiziň energiýa strategiýasyny amala aşyrmakda möhüm ädim boldy. Ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, uzak geljegi nazara almak bilen onuň kuwwatyny artdyrmak, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň energetika babatda ykdysady syýasatynda möhüm orny eýeleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasatynda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Olary durnukly we sazlaşykly ösdürmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýeri gelende aýtsak, gürrüňi edilýän ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejelere çykarylmagyna uly üns berilýär we özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen tagallalara badalga berilýär. Ýokarda ady agzalan ulgamlara degişli birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga bermegiň meýilleşdirilýändigini ýatlamak ýakymlydyr. Gurluşygyna ak pata berilmegi meýilleşdirilýän desgalardan käbirlerini ýatlap geçmegi makul bildik. Şol desgalardan Şatlykdaky “Şatlyk-1” gaz gysyjy desganyň düýbüniň tutulmagy möhüm waka bolar. Çünki, bu çylşyrymly desganyň gurlup, ulanylmaga berilmegi tebigy gazyň akymynyň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berer.
Owganystan Yslam Respublikasy bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary giň gerime eýe bolýar. Bu dostlukly döwlet bilen ykdysady-söwda hyzmatdaşlyk özara we deňhukukly tagallalarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmen-owgan gatnaşyklarynyň barha giň gerime eýe bolmagy iki döwletiň milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen, iki ýurduň halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam edýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan öz serişdeleriniň hasabyna Owganystanyň Balh welaýatynda gyzlar üçin mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda bolsa çaga dogrulýan öýi gurup berdi. Munuň özi iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha berkeýändigine aýdyň subutnamadyr. Çünki, halkara ähmiýetli bu tagallalar goňşy dostlukly döwlet bilen ykdysady-söwda hyzmatdaşlygynyň ösdürilip, türkmen we owgan halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär.
Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Belent sepgitleriň, uly üstünlikleriň aýdyň ýoly bolsa, barha rowaç alýar.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.