Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: möhüm möwsüm ýetip geldi

30.08.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýokary ösüşler gazanylýar. Halk hojalygynyň esasy pudagy bolan oba hojalygynda hem ýokary netijelere eýe bolunýar. Bu bolsa halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär.

Güýz paslynyň ýetip gelmegi bilen pagtaçy kärendeçiler “ak altynyň” bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Ýetişdirilen pagta hasylynyň ýekeje übtügini-de yrýa etmän, ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri giň gerimde, ýokary guramaçylykly alnyp barylýar.

Hasyl ussatlary bilen bir wagtda “Marypagta” önümçilik birleşiginiň hemme düzümlerinde ýetip gelýän jogapkärçilikli möwsüme düýpli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatymyzda bar bolan pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-sy, harmanhanalaryň bolsa 35-si bolup, olarda ýokary hilli abatlaýyş işleri geçirilip, täze hasylyň bökdençsiz kabul edilmegi üçin taýýar edildi.

“Marypagta” önümçilik birleşiginiň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalaryň awtoulaglary, traktorlary abatlanylyp, tehniki howpsuzlyk kadalaryna gabat getirilýär.

Pagta hasyly el güýji, şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary işjeň ulanmak bilen ýygylýar. Döwletimiz tarapyndan satyn alnyp berlen, kämil daşary ýurt tehnikalary hem pagtaçy kärendeçileriň ýakyn ýardamçysy bolup durýar. Pagta ýygyjy kombaýnlaryň tejribeli, ussat mehanizatorlary, sürüjileri saýlanyp alyndy we gözükdirme okuw işleri geçirildi. Şeýle-de, iş döwründe ulanylýan tehnikalar bilen bagly ýüze çykjak näsazlyklaryň öňüni almak üçin guramaçylyk işleri kesgitlenilýär.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.