Bilimler we Talyp ýaşlar gününe
30.08.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüş-özgerişleri has-da ilerleýär. Bilim, ylym ulgamyndaky öňegidişlikler diňe bir bu ugurda döredijilikli zähmet çekýänleri däl, eýsem yhlasly okaýan mekdep okuwçylaryny-da, terbiýeçilerdir mugallymlary-da, ata-eneleri-de tüýs ýürekden guwandyrýar.
Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaş nesle döwrebap hem kämil derejede bilim bermek maksady bilen ýurdumyzda giň gerimli işler ýola goýulýar. Has takygy, täze okuw ýylynda welaýatymyzyň çäginde hereket edýän orta mekdepleriň 398-sinde okuwçylaryň ençemesine bilim berler. Şu günki gün çagalar baglarynyň 196-synda körpejeleriň ençemesi terbiýelenýär.
2024 — 2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa geljek çagalar hasaba alnyp, nesip bolsa, 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni 6 ýaşyny dolduryp, ak mekdebe gadam basan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan şahsy kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Häzirki wagtda welaýatymyzyň bilim edaralarynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe — 2024 — 2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan çäreleri hem-de ilkinji okuw sapagyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde welaýatyň çäginde hereket edýän ähli bilim edaralarynda ýeňil bejergi hem-de abadanlaşdyryş işleri tamamlandy. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Mary şäherindäki 36-njy orta mekdep, Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň Saryýazy obasynda 23-nji çagalar bakja-bagy açylyp, ulanylmaga berler. Munuň özi ýaş nesillerimiziň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi ugrunda edilýän taýsyz tagallalardyr.
Bilim işgärleriniň yhlasly işlemegi we ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde bilim almagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Atageldi ANNASEÝIDOW.Welaýat baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.