Kitaphana ulgamy ösýär
23.08.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana ulgamynda döwrebap işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde hereket edýän döwrebap kitaphanalarda innowasion tehnologiýalaryň gerim almagy doly güwä geçýär. Hut şonuň üçin hem kitaphana işlerini döwrebap guramakda täze iş usullaryna ýüzlenilýär. Olaryň iň esasysy kitaphana işinde täze tehnologiki işleri durmuşa geçirmekdir. Munuň özi bolsa kitap hazynalaryny dünýä kitaphanalarynyň giňden peýdalanýan iş usullaryndan ugur almakdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitaphana hyzmatyndaky meselä uly üns berýär. Ata Watanymyzyň kitaphanalarynyň ähli kitap hazynalary häzirki wagtda şu ugur bilen işleýärler. Golaýda kitaphanamyza täze kitaplar gelip gowuşdy. Okyjylar Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň sergisi bilen giňden tanyşdyrylýar. Sergilerde ülkämiziň taryhy, medeniýeti we sungaty, ykdysadyýeti, şeýle hem çeper edebiýaty, çagalar edebiýaty barasynda giň düşünje berýäris.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, okyjylar bilen birnäçe çäreleri guraýarys. Nusgawy şahyrymyzyň şygyrlarynda ata Watana, keremli topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýe, ahlaklylyk, halal zähmet, gaýduwsyzlyk, sagdyn durmuş, ruhubelentlik ýaly täsirli temalar eriş-argaç bolup geçýär.
Aýnagözel AGALYÝEWA.
Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäher kitaphanasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy, TDP-niň işjeň agzasy.