“Ýaňlan, Diýarym!” — 2024
23.08.2024
“Medeniýet halkyň kalbydyr” diýýän Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik başlangyçlary bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň arşa göterilmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy, milli tansymyzy, türkmen aýdymlaryny, bagşyçylyk sungatyny dünýä tanatmak ugrunda hem ençeme işler ýola goýulýar. Şeýle-de, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda dürli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi munuň aýdyň mysalydyr.
Ýakynda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki giň meýdançada “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilip, onda ýaş aýdymçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň baha bermegi netijesinde Sakarçäge etrabyndan höwesjeň aýdymçy Ýakup Orazgylyjow “Arkadagly Serdary bar türkmeniň” atly aýdymy hem-de Mary şäherinden höwesjeň aýdymçy Mähri Hojakowa “Nowgül” atly halk aýdymy bilen bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýeňiji bolan ýaş aýdymçylara döwlet tapgyrynda hem ýeňiş gazanmagyny arzuw edýäris.
S. ANNAGULYÝEWA.
SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.