Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

23.08.2024

Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu günler täze okuw ýylyna giňden taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň bazarlarynda hem mekdep bazarlary açyldy. Mary şäherindäki “Maru — şahu jahan” merkezi bazarynda hem türkmen telekeçileriniň harytlary elýeterli bahadan ildeşlerimize hödürlenilýär.

Bu günki gün türkmen telekeçileriniň öndürýän önümi dünýä bazarlaryna çykarylýar. Döwrebap önümleri öndürip, Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşlerine uly goşant goşýan türkmen telekeçileriniň irginsiz zähmeti özüniň oňat netijesini berýär. Olar täzeçilligiň gözleginde bolup, halkyň islegini kanagatlandyrmak üçin gije-gündiz işleýärler. Telekeçileriň öndürýän önümleri ýurdumyzyň mekdep bazarlarynda amatly bahadan satuwa çykarylýar. Onda, esasan-da, mekdep okuwçylary üçin niýetlenilen egin-eşiklerdir okuw esbaplary bar. Çagalaryň islegini kanagatlandyrýan harytlaryň hiliniň oňatdygyny aýratyn bellemek gerek.

Türkmen telekeçileriniň yhlasly işlemegi, ajaýyp önümleri öndürmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: mekdep bazaryndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.