Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

23.08.2024

2020-nji ýylda Nazargeldi Akylyýew diňe Çäçdepe obasynda däl, Murgap etrabynda ilkinjileriň biri bolup, 59 gektar ekin ýeri 99 ýyllyk mülk edinip aldy. Uly ynam, aýdyň maksat, käre bolan söýgi telekeçä ýeňiş getirdi. Her ýyl ak ekiniň, “ak altynyň” bol hasyly alnyp, telekeçi Nazargeldi Akylyýew şertnamalaýyn borçnama abraý bilen hötde geldi. 2021-nji ýylda Nazargeldiniň oba hojalygynda gazanan ýokary görkezijilerine seredilip, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan JOHN-Deere kysymly kuwwatly traktor sowgat berildi. Bu kuwwatly traktory Nazargeldiniň ogly Aman bökdençsiz işledýär.

— Keremli toprak hyzmaty halaýar. 2023-nji ýylda ak ekiniň 30 gektaryndan 164 tonna 500 kilogram guşgursak däne ýygnap aldyk. Şeýle hem 29 gektar gowaça meýdanyndan 171 tonna ýokary hilli pagta hasylyny aldyk. Üstümizdäki “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 30 gektar ak ekinden 153 tonna 800 kilogram ýokary hilli hasyl aldyk. Munuň özi bolsa diňe däneden 307 müň 600 manat girdejiniň gelendigini aňladýar. Ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän oňyn işlere guwanmaga hem-de buýsanmaga haklydyrys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary we berýän kömekleri halal zähmetimiziň hözirini görüp, eşretli durmuşda ýaşamaga giň ýol açýar.

Agzybirlikli çekýän zähmetimiz netijesini hem berýär. Şu günler gowaçalara suw tutmak işini ussat suwçy Merdan Çommanow alyp barýar. Işgärler Çemen Artykowa, Selbi Töräýewa, Göwher Söýünowa, Oguljahan Orazmuhammedowa we beýleki gelin-gyzlar gowaçalaryň çürtüm işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Üstümizdäki ýyly üstünlikli jemlemegi maksat edinýäris — diýip, söhbetdeşim Nazargeldi Akylyýew buýsanç bilen gürrüň berdi.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: telekeçi Nazargeldi Akylyýew işgärler bilen gowaça meýdanynda.
Surata düşüren awtor.