Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: täze hasylyň aladasy

01.08.2024

Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Baýramaly etrabynyň hem ekerançylyk meýdanlarynda däneden boşan ýerleri täze ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Her bir kärendeçi bol hasyl almak üçin ýerleriň öňünden talabalaýyk taýýarlanylmalydygyna örän oňat düşünýär.

Üstümizdäki ýylda 18100 gektar ýerden bereketli ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyryp, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetiren ekerançylaryň ümzükleri ileri, gadamlary batly. Kärendeçiler geljek ýylda hem göwün diýen netijäni gazanmak maksady bilen şu günlerden aladalanýarlar. Daýhanlar sürüm, tekizleşik işlerini talabalaýyk geçirmegi gazanýarlar. Bu işde olara mehanizatorlar ýakyndan ýardam berýärler.

Meýdanlarda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hem-de daýhan birleşikleriniň tehnikalarynyň 22-si bökdençsiz işledilýär. Tehnikalara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlar berkidilýär. Mehanizatorlar ýerleri sürmekde, tekizlemekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Meýdan işlerini ýerine ýetirmekde etrabyň “Täze ýol”, “Watan”, Agaýusup adyndaky daýhan birleşikleri, “Keremli ak ýol”, “Durnaly oý” daýhan hojalyklary has-da tapawutlanýarlar. Şeýlelikde, olar “Ir eken utar” diýlişi ýaly, däne ekişine ilkinjileriň hatarynda girişmegi maksat edinýärler. Etrabyň meýdanlarynda hünärmenleriň maslahaty, kärendeçileriň, mehanizatorlaryň iş tejribeleri netijesinde iş agzybirlikde alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ekişde ekiljek tohumlaryň taýýarlygyna hem uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Umuman, etrapda bugdaý ekişi möwsümine ähli tarapdan taýýarlyk görülýär.

Etrabyň oba zähmetkeşleri toprakdan bereketli hasyl alyp, çekýän zähmetleriniň hözirini görmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, belent maksatlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarlar.

Durdynabat BAÝRAMOWA.

“Maru — şahu jahan”.