Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Akyldaryň şygyrlary — öwüt-ündew hazynasy

23.07.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkyny dünýä tanadan, öz milletiniň mertebesini Ýer ýüzünde belende galdyran taryhy şahsyýetlerimiziň hatyralanmagyna, olaryň Watan öňünde bitiren ägirt uly hyzmatlarynyň, halkyň hakydasyna ebedilik ýazylan beýik işleriniň doly hem içgin öwrenilip, ýaş nesilleriň arasynda wagyz-ündew edilmegine uly ähmiýet berilýär.

Her bir halkyň beýikligi onuň dünýä beren beýik ogullary bilen ölçenilýär. Bu günki gün diňe bir türkmen edebiýatyny däl, eýsem, dünýäniň nusgawy şygryýetini Magtymgulusyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şahyryň şygyrlary adamzat kalbyna nur saçýar.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan, ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik dili bilen birleşdiren akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alypdyr. Şygyrlary umman ýaly giň, dür ýaly gymmatly, merjen deý çeper. Hut şonuň üçin hem şahyryň döredijiligi Jemşidiň jamyna meňzedilipdir. Rowaýatlara görä, Jemşit şanyň tylla jamyna seredeniňde, dünýäniň çar künjegi görnüp duran eken. Akyldar şahyryň döredijiliginde öwüt-nesihat, watançylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, zähmetsöýerlik ýaly, durmuşy temalara degişli meseleler eriş-argaç bolup geçýär.

Şahyryň her bir şygrynyň, bendiniň aňyrsynda tükeniksiz akyl, edep-terbiýe, ahlak kadalary ýatyr. Olaryň hemmesi ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr, akabasy halallykdan gaýdan ruhy çeşmedir. Onuň şygyrlary sadadan-sada, beýikden-beýik, Gorkut ata pähimli, Görogly gaýratly, Jygaly beg kimin öwüt-nesihatlydyr. Ol türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň müň öwüşginli almaz täjidir. Magtymgulynyň döredijiligi aňyrsy-bärsi görünmeýän giň umman.

Ogultuwak ATAÝEWA.

Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň bölüm müdiri, TDP-niň işjeň agzasy.