Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport syýasatynyň gadamlary

02.03.2021

Sportda özüni tapawutlanýanlaryň hatarynda tanadýan Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebiň okuwçysy, 8-nji sport mekdebiniň ýaş türgeni Gurbangeldi Begenjow sportuň grek-rim göreşi boýunça 3 ýyldan bäri türgenleşip gelýär. Oňa Baýram Kerimow tälim berýär. Yzygiderli geçirilýän türgenleşikleriň netijesinde Gurbangeldi özüni ezber türgen hökmünde tanadyp, üstünliklere eýe boldy. Ol ukyp-başarnygy bilen deň-duşlarynyň arasynda tapawutlanýandygyny ýeňişli ýoly bilen subut etdi.
Sportuň grek-rim göreşi türgenden erjelligi talap edýär. Ýaş türgen tälimçisiniň ussatlyk bilen öwredýän tilsimlerini zerur bolan pursatynda netijeli ulanmagy başarýar.
Gurbangeldi Begenjow welaýatymyzda, şeýle-de, ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Ol 2018 — 2019-njy ýyllarda tälim alýan sport mekdebinde sportuň grek-rim göreşi boýunça geçirilen ýaryşda birinji orny eýelemegi başardy. Şeýle-de, G. Begenjow 2019-njy ýylda Mary şäherindäki 2-nji we 4-nji sport mekdeplerinde geçirilen açyk birinjiligini almak ugrundaky ýaryşlarda birinji, ikinji orunlara hem-de Balkan welaýatynda geçirilen welaýatyň açyk birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda üçünji orna mynasyp boldy.

Şemşat SAÝLYÝEWA. “Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ýaş türgen Gurbangeldi Begenjow.