Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Galla — 2024

23.07.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý dänesini tabşyran welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçy kärendeçileri galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli amal etdiler.

Gallaçy daýhanlarymyzyň bu gazanan zähmet ýeňşi oba hojalyk pudagyny ösdürmek baradaky edilýän tagallalara saldamly goşantdyr. Oba hojalygynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesi bilen ýakyn baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan yzygiderli satyn alyp berýän ýokary öndürijilikli däne ýygyjy kombaýnlary ýerlikli ulanylyp, galla orak möwsümi guramaçylykly häsiýete eýe boldy.

Gadymy Mary topragynyň gallaçylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda öndürijilikli işläp, güýçlerini gaýgyrman, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek maksady bilen zähmet çekýärler.

Harmanyňyza bereket, hormatly babadaýhanlar! Altyn çäjiňize nur-bereket insin!

Sähet HOJAGELDIÝEW.

“Maru — şahu jahan”.