Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni

01.07.2024

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän «Pähim- -paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilmegi taryhy ýylyň buýsançly seneleriniň birine öwrüldi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylyp geçirilýän baýramçylyk dabaralary welaýatymyzda hem uly ruhubelentlige beslenýär.

Hepdäniň sişenbe güni ir säher bilen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada guralan dabarada toý şowhuny al-asmana göterildi. Welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guran baýramçylyk dabarasyna syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän sergi dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.

Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlanan dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň belli medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Belentden ýaňlanan şirin aýdymdyr sazlar, ýerine ýetirilen joşgunly tanslar köňüllere toý şatlygyny paýlady.

Dabaranyň dowamynda milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna dowamly alkyş sözleri aýdyldy.

Bahargül MEJIDOWA.

«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATLARDA: baýramçylyk dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.