Bagym bar — bossanym bar
01.07.2024
Pederlerimiz ýöne ýerden “Ýer — hazyna” diýip aýtmandyrlar. Munuň hakykatdan-da şeýledigini keremli toprakdan bol hasyl alyp gelýän ýer eýeleriniň mysalynda görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalary netijesinde ata Watanymyzda saýaly, gyrymsy, miweli baglara hem-de bagbançylyga uly üns berlip, yhlas edilmegi hem şundan gelip çykýar. Çünki, miweli baglarymyzyň ösüşi ýokary bolsa, ak bazarlarymyz, mukaddes saçaklarymyz bol bolup, daş-töweregimiz has gözel keşbe girýär. Bu işde işewür telekeçilerimiz hem derwaýys işleri alyp barýarlar. Muňa mysal edip, Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Nurmuhammet Osmanow hem ekin ýerinde miweli baglary ösdürip, ýetişdirýär.
— Şu synlaýan ýeriňiz 5 gektar meýdan bolup, 2014-nji ýylda 500 düýp miweli baglaryň düýbi tutuldy. Geçen ýylky ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem miweli baglarymyzdan bol hasyla garaşýarys. Baglara obadaşym, başarjaň bagban Amangeldi Sapaýew ideg edip gelýär. Bagymyzda toý saçagynyň bezegi bolan erik, alma, ülje, üzüm, limon bolup, olardan her ýyl bol hasyl alynýar. Ýeri gelende aýtsak, limon nahallaryny ýetişdirip, şägirtlerimiziň taýýarlan mellek ýerlerinde oturdyp, limony idetmegiň ýollaryny öwredýäris — diýip, söhbetdeşimiz Nurmuhammet telekeçi gürrüň berdi. Ol alma baglaryny synlap durşuna ýene-de, sözüni dowam etdi.
— Hawa, bagymyzyň esasy bölegini alma agaçlary tutýar. Bu ýerde almalaryň 10-dan gowrak görnüşi bolup, bol miwe berýär. Alma düýpleriniň arasynda başga ýurtlardan getirilip, uýgunlaşdyrylanlary-da, özümizde ýetişdirilip, sapylyp, gowy hilli miwe berýänleri-de bar. Olaryň miweleri daşky görnüşi, tagamy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Şonuň üçin hem almalarymyzyň, eriklerimiziň, üljelerimiziň ýakyndan-daşdan gelýän hyrydarlary her möwsümde köpelýär.
Çary AMANGELDIÝEW.SURATDA: bagban Amangeldi Sapaýew iş wagtynda.
Surata düşüren awtor