Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Gant şugundyry: aralyk ekiniň ekişi

01.07.2024

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen täze hasyl üçin 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek barada şertnama baglaşyldy. Paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan kärendeçiler tehnika, ýokary hilli tohum, mineral dökünler, ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy himiki serişdeler bilen üpjün edilýär.

Ekin meýdanlarynda işler guramaçylykly alnyp barylýar. Galla oragyndan boşan ýerlerde şüdügärlemek, tekizleşik, geriş çekmek işleri netijeli alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Gant şugundyry döküni, bejergini, suwy köp talap edýän ekindir.

Ekin meýdanynyň her gektarynyň girdejililigini artdyrmak, önüm öndürijileriň düşewündini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyna goşant etmek häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň biridir.

Biliňi berk guşap, ýadaman, ýaltanman der döküp, yhlasyňy gaýgyrmasaň gyzyl önýän keremli topragymyz bar. Gadymy Mary topragymyzda tutanýerli, işeňňir daýhanlarymyz ak bugdaýyň, “ak altynyň”, gök-bakja, miwe önümleriniň bolelinden datly hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Esasy ekinleriň biri bolup, ekilip, idegi ýetirilýän gant şugundyryndan “Maryşeker” kärhanasynda işlenilip, ilatyň islegli önümleri öndürilýär. Bu aralyk ekin aglaba galla hasylyndan boşan ýerlere ekilýär. Ýylyň dowamynda ýerden iki hasylyň alynmagy, her gektaryň düşewüntliligini artdyrýar, daýhanyň çeken halal zähmetine görä girdejiniň bolmagyna şert döredýär.

Daýhanlaryň halal zähmetleri bilen baýamagy üçin ähli tagallalary edýän, kömek-goldawlaryny gaýgyrmaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!

S. ILAMANOW.