Galla — 2024
01.07.2024
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda zähmetsöýer kärendeçilerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli göwrümli işleri durmuşa geçirip, ýeňişli sepgitlere eýe bolýarlar.
Jöwzaly tomsuň şu günlerki bereketli günlerinde oba hojalyk işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ekin meýdanlarynda zähmet joşýar. Biziň döredijilik toparymyz ýakynda Sakarçäge etrabynyň “Bitaraplyk” daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda iş saparynda bolup, kärendeçileriň zähmet şertleri bilen ýakyndan tanyşdy.
— “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda biziň “Bitaraplyk” daýhan birleşigimiziň janypkeş kärendeçileri 2720 gektar meýdanda bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirip, ony isrip etmän gysga wagtda ýygnap almak boýunça ýadawsyz zähmet çekýärler. Daýhan birleşigimiz boýunça 5313 tonna guşgursak dänäni Watan harmanyna tabşyrmagy niýet edinýän daýhanlarymyzyň ümzükleri öňe, ruhlary belent — diýip, işbaşarjaň ýolbaşçy Şatlyk Kurtow gürrüň berýär.
Bu daýhan birleşiginde iş tejribesi ýetik, öňdebaryjy kärendeçileriň atlary agzalanda Polat Amanalyýewiň, Döwlet Garagulowyň, Arslan Mommaýewiň gazanýan üstünlikleri barada öwgüli sözler aýdylýar. Öz işiniň ussatlary, kombaýnyň mehanizatory Guwanç Çopanowyň, awtoulagyň sürüjisi Agajan Durdyýewiň gallany ormakda we daşamakda alyp barýan işleri tarypa mynasyp.
Üstümizdäki ýylyň galla oragy möwsümi gyzgalaňly häsiýete eýe. Sazlaşykly guralýan işleriň netijesinde galla meýdanynda ekinleriň soltany hasaplanýan guşgursak ak bugdaýyň akymy artýar. Gaýratly gallaçy kärendeçilerimiziň ýüzlerçesi şertnamalaýyn borçnamalaryndan daşary gallany Watan harmanyna tabşyryp, goşmaça girdejiniň eýesi bolýarlar. Biz bolsa, olara işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Sähet HOJAGELDIÝEW.“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: gallaçy kärendeçi Arslan Mommaýew galla meýdanynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.