Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi
07.06.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzda welosipedli ýörişler, welosport uly ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz welosporty ösdürmäge, ildeşlerimizi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen mümkinçilikleri döredip berýär.
Welosiped ekologiýa taýdan arassa ulag bolup, ol saglygy goraýşa, ýol hereketini kadalaşdyrmaga oňaýly täsir edýär. Welosipedli gezelenç etmek bedeniňi taplamak bilen göwnüňi göterýär, şähdiňi açýar. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bu günki gün ildeşlerimiz welosipedli ýörişlere yzygiderli gatnaşýarlar.
Sagdynlygyň we ekologiýa abadançylygynyň umumadamzat derejesindäki baýramçylygy — Bütindünýä welosiped güni indi birnäçe ýyl bäri giňden bellenilip gelinýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da bu sene mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň ähli ýerinde uly ruhubelentlige beslendi. 3-nji iýunda asylly däbe eýerilip, ir säher bilen welosipedçiler Mary şäheriniň gözel köçeleriniň biri bolan Kemine köçesiniň başlanýan ýerinden badalga aldylar. Aýdym-saza beslenen ýörişde welosipedçiler welaýatymyzyň gözel ýerlerini synlap pellehana geldiler.
Aýratyn bellemeli wakalaryň biri hem 31-nji maýda Mary şäherinden badalga alyp, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginiň ugry boýunça guralan umumy uzynlygy 335 kilometre barabar köpçülikleýin welosiped ýörişidir.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlanmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Durdynabat BAÝRAMOWA.«Maru — şahu jahan».