Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Galla — 2024

07.06.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň bady rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny belent sepgitlere ýetirmek, azyk bolçulygyny döretmek boýunça uly tagallalar edilip, ýokary netijeler gazanylýar.

Üstümizdäki “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda zähmetsöýer daýhanlarymyz özleriniň gaýratly zähmeti bilen ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Daýhanyň alyn deri bilen kemala getirilen ak ekinler orak möwsüminiň golaý gelendigini buşlaýarlar. Welaýatymyzyň edermen gallaçylary 170 müň gektarda guşgursak gallanyň bol hasylyny ýetişdirip, meýilnama laýyklykda göz öňünde tutulan 345 müň tonna bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, öz mynasyp goşantlaryny goşmagy niýet edinýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin döwletimiz tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde önüm öndürijiler ýokary hilli tohum, mineral dökünler, himiki gorag serişdeleri, suw, kuwwatly tehnikalar bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Esasy baýlygymyz bolan bugdaý hasylyny ýetişdiren welaýatymyzyň tutanýerli gallaçylary guşgursak ak bugdaýyň ýekeje dänesini hem isrip etmän meýdanlardan ýygnap almak üçin taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Jogapkärli möwsüm bolan galla oragyny öz wagtynda we gysga möhletde geçirmek esasy wezipe bolup durýar. Bugdaýly meýdanlary, kombaýnlary, ýük daşaýan ulaglary oraga taýýarlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Galla orak möwsümi welaýat boýunça ýörite düzülen iş meýilnamasy esasynda alnyp barlar. Ýerlerde galla kabul ediş nokatlary, gallany wagtlaýyn saklamaga niýetlenen bassyrmalardyr, asfaltlanan meýdançalar, elewatorlar we ammarlar täze hasyly kabul etmek üçin doly taýýar edildi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda zähmet siňdirilip ýetişdirilen galla hasylyny isripsiz ýygnamagy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny uly üstünlikler bilen garşylamagy niýet edinýän edermen gallaçylarymyza işlerinde ýeňişli sepgitleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

“Maru — şahu jahan”.