Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

01.06.2024

Welosportuň ýurdumyzdaky taryhy 1894-nji ýylda Aşgabatda welosipedçileriň jemgyýetiniň döredilmegi hem-de şondan bir ýyl soň ilkinji gezek welosiped ýaryşynyň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. 2018-nji ýylda merjen paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosiped sürmek boýunça iň köp sanly watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi hem-de dünýä rekordy goýuldy. Şeýle hem 2019-njy ýylda 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişi geçirilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmenistanda yzygiderli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi üçin köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi işjeň ösýär. Halkyň abadançylygy, adamlaryň beden we ruhy saglygy, fiziki taýdan güýçli, akyl taýdan ösen, giň düşünjeli ýaşlaryň terbiýesi baradaky aladalar ýurdumyzda iň möhüm döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy.

Her ýylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününiň giňden bellenilmegi, il-günümiziň bedenterbiýä we sporta bolan höwesini, söýgüsini artdyrýar. Bu ajaýyp senede welosipedli ýörişlere we dürli sport çärelerine giň orun berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler» diýip bellemegi sport syýasatynyň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlandyrylmagyna giň ýol açdy.

Silguly KARAKULOW.

Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň sportuň woleýbol görnüşi boýunça tälimçisi,
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi.