Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

01.06.2024

Her ýyl tomus paslynyň ilkinji gününde, ýagny, 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramda çagalar şatlyk-şowhuna beslenip, döwletiň özleri üçin edýän aladalaryna çäksiz buýsanýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, çagalarymyzyň özlerini bagtly duýmagyna ýardam etmäge çalşalyň, çagalarda özlerine ynamy güýçlendirmegimiz gerek.

Çagalary goramagyň halkara güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda dünýäniň 51 ýurdunda bellenildi. 1959-nji ýylda BMG çagalaryň hukuklary hakyndaky Jarnamany hem-de 30 ýyldan soň — 1989-njy ýylda çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýany kabul etdi. Şol ýyldan bäri dünýäniň köp ýurtlarynda şatlygyň we bagtly çagalygyň bu ajaýyp baýramy giňden bellenilip gelinýär.

Çagalar — biziň geljegimiz. «Bal süýji, baldan-da bala süýji», «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň» ýaly parasatly pähimlerden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany, çagalygy we eneligi goldamaga hem döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki, ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp ýaşamagy üçin döwletimiz uly alada edýär. Türkmenistan özüniň ýaşajyk raýatlary üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerini çözmäge hemişe örän jogapkärli çemeleşýär.

Aýgül BABAÝEWA.

Welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň başlygy,
Türkmenistanyň Parahatçylykgaznasynyň müdiriýetiniň welaýat bölüminiň başlygy,
TZB-niň işjeň agzasy.