Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

02.03.2021

Gahryman hem mähriban Arkadagymyz ýaş nesil hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri edip goýdy. Abadan geljegimizi nazarlaýan şu wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa bilim işgärlerine baglydyr. Aslynda döwletimiz ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmekde mugallymlara jogapkärli wezipäni ynanýar. Bilşimiz ýaly, abadan geljegimiz ýaş nesile şu günki berýän bilim-terbiýämiziň hiline bagly bolup durýar. Şonuň üçinem mugallymlar döwrümiziň ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlaryny kemala getirmekde uly tagallalar edýärler.
Işine yhlasly şeýle mugallymlaryň birem Mary etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Ogulgerek Hojaýewadyr. 2015-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki ýörite orta mugallymçylyk mekdebini ýokary bahalar bilen tamamlap gelen O. Hojaýewa okuwçylara bilim-terbiýe bermegi ökdelerden öwrendi. Işine yhlas etdi. Başlangyç synp mugallymy bolmagyň çylşyrymly usullaryny ele aldy.
— Başlangyç synp mugallymynyň kärine örän jogapkärli wezipe düşýär. Sebäbi oglanjygyň ýa-da gyzjagazyň geljekde ylym-bilimiň uçgyraksyz menzillerindäki şowly ädimleri başlangyç synplarda alan bilim--terbiýesinden başlanýar. Şonuň üçinem okuwçylara bilim-terbiýe bermekde ähli tagallalary edýärin — diýip, mugallym Ogulgerek Hojaýewa gürrüň berýär.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýän O. Hojaýewa geçýän sapaklarynyň özüne çekiji bolmagyny gazanýar. Yhlasly zähmet bolsa, hemişe gowy netijesinem berýär. Şanly ýyly mynasyp sowgatly şöhratlandyrmagy maksat edinýän ezber mugallymyň päk zähmeti ýerine-de düşýär.

Azym ŞEKEROW. “Maru — şahu jahan”.
SURATDA: mugallym Ogulgerek Hojaýewa iş wagtynda.
Surata düşüren awtor.