Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

ILHALAR ÖNÜMLERE ISLEG ÝOKARY

01.12.2020

Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz döwletimizde telekeçiligi ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Telekeçilerimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda halkyň sarp edýän harytlaryny, önümlerini öndürmekde guwançly netijeler gazanylýar. Gurluşyk-gurnama işleri, gurluşyk materiallaryny öndürmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň sany ýylsaýyn artyp, ýokary hilli gurluşyk materiallarynyň öndürilişi ýokarlanýar. Hususyýetçileriň il-gün bähbitli şeýle işleri döwlet Baştutanymyzyň “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn hazynasydyr” diýen parasatly sözlerini dolulygyna subut edýär.
Gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan önümleri öndürmekde Oguzhan etrabynyň çäginde ýerleşýän “Agaýana” hususy kärhanasyna degişli zawodda-da netijeli işler alnyp barylýar. Bu kärhanada gowaça baldagyndan we agaç galyndylaryndan gurluşykda ulanylýan plitalary, (ilatyň arasynda DSP diýilýär) öndürmek ýola goýlup, bu ýerde ýokary hilli ilhalar önümleriň öndürilmeginde uly işler bitirilýär.
Ilhalar önümleri bilen meşhurlyga eýe bolýan kärhana bir ýylda 20 müň kub metrlik önüm öndürmäge ukyplydyr. Esasy bellenilmeli zat bolsa, bu ýerde öndürilýän önümler üçin çig mal bilen üpjünçiligiň 70 göterimi ýerli çig malyň hasabyna çözülýär. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň ilkinji günlerinden tutanýerli zähmet çekýän telekeçiler şanly ýyly uly zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmagy maksat edinýärler.

A. BAÝRAMOW.
SURATDA: kärhananyň önümçiliginden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW. (suratlary 13.02.2020)