Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

01.06.2024

Şu günler ekin meýdanlarynda galla oragyna taýýarlyk bilen birlikde gowaça ideg etmek işleri hem giň gerimde alnyp barylýar. Her bir kärendeçi ekinden bereketli hasyl almakda her bir çäräniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygyna örän oňat düşünýärler.

Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri üstümizdäki ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlemek maksady bilen öndürijilikli zähmet çekýärler. Pagtaçy kärendeçiler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda 400 gektar ýerde ekiş geçirip, ondan kadaly gögeriş gazandylar. Geçen ýylyň pagta hasyly ýygnalyp alnandan soň sürüm, tekizleşik, suw tutmak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna görä geçirilmegi özüniň oňat netijesini berdi.

— Daýhan birleşigimiziň kärendeçileri oňat gögeriş alan gowaça meýdanlarynda irgözinden bejergi işlerine girişdiler. Şu günler kärendeçiler bu işi guramaçylykly dowam etdirýärler. Kärendeçilerden Geldimyrat Rejebowyň 10, Baýramdurdy Hajyýewiň 9,5, Çary Gurbanowyň 20 gektar kärende ýerlerine bejergi işlerini has-da ýokary depginde alyp barýandyklaryny bellemek gerek. Kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar ideg işlerini ýokary hilli geçirmek bilen ýokary netijeleri gazanmaga çalyşýarlar — diýip, hojalygyň pagta agronomy Allamyrat Garlyýew gürrüň berdi.

Gowaça bejergisinde mehanizatorlaryň zähmetiniň uludygyny bellemek gerek. Bu babatynda daýhan birleşiginiň tejribeli mehanizatorlary Kerim Reýimow, Süleýman Meredow görelde görkezýärler. Mehanizatorlar ýaşajyk gowaçalaryň hatar aralaryny kultiwatorlar bilen ýumşatmak, iýmitlendirmek işlerinde özlerine ynanylan tehnikany saz we bökdençsiz işletmäge çalyşýarlar.

Umuman, bu daýhan birleşiginiň kärende ýerlerinde işler utgaşykly barýar. Ene topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen zähmet çekýän pagtaçy kärendeçileriň ynamlary uly. «Ynam — ýarpy ýeňiş» diýilýär.

Durdynabat BAÝRAMOWA.

«Maru — şahu jahan»