Bilimli nesil — kuwwatly Watan
28.05.2024
Mekdep — bu okuwçylaryň terbiýelenilip ýetişdirilýän ýeri bolsa, mugallym gijesini gündiz edip yhlasyny gaýgyrman, ýaş neslimize bilim berýän ynsan. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde öz işiniň ussatlary, il arasynda belent sarpadan peýdalanýan mugallymlar örän köp. Şeýle mugallymlaryň biri hem Sakarçäge etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň informatika, matematika dersi mugallymy Aman Täçkulyýewdir. Kärini söýýän bu mugallym barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Aman mugallym bilim berýän okuwçylarynyň, ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşmagyny gazanmaga çalyşýar. Tejribeli mugallymyň bu yhlasy ýerine hem düşýär. Ondan bilim alan okuwçylaryň zehinsizi ýok. Olar hökman etrap, welaýat, ýurt derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde ýer alyp, dolanyp gelýärler.
— 2024-nji ýylyň “Pähim — paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda şu ýylyň aprel aýynyň 1-8-i aralygynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça geçirilen ders bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan okuwçymyz Kadyr Amangylyjow 1- nji derejeli diplom bilen sylaglanyldy.
— Bolgariýa döwletinde onlaýn görnüşinde geçirilen halkara olimpiadasynda hem oňat netije görkezen okuwçymyz Kadyr Amangylyjow APIO — Halkara olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazandy — diýip, halypa mugallym Aman Täçkulyýew begenç bilen gürrüň berýär. Watanymyzyň geljegi, daýanjy bolan ýaş neslimiziň bilimini artdyrmak ugrunda daşary ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ýola goýulmagy okuwçylaryň zehininiň ýüze çykmagyna uly ýardam berýär.
Okamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, il-ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işlerinde hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Ogulşat BERKELIÝEWA.“Maru — şahu jahan”.
Suratda: zehinli okuwçylar halypa mugallym Aman Täçkulyýew bilen.
Surata düşüren awtor.