Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

«Soňky jaň» dabarasyna

28.05.2024

Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň maý aýynyň 25-ne «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Ol günde diňe bir “Soňky jaň” dabarasy däl, eýsem, Aşgabat şäheriniň güni hem giňden bellenilip geçilýär. Bu bolsa, “Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär” diýen jümläni tekrarlaýar.

Hawa, 25-nji maý uçurymlar üçin ýatdan çykmajak günleriň biri bolar. Mekdepde olaryň şanyna ajaýyp dabaralar, welaýatymyzyň dürli künjeginde ajaýyp konsertler guralar. Ol günde uçurymlara ak ýol, bilim beren mugallymlara bolsa, jogapkärli işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagy arzuw ediler.

Uçurymlar üçin “Soňky jaň” dabarasy tolgundyryjy pursat bolup durýar. Çünki, olar orta mekdebi üstünlikli tamamlap, täze durmuşa gadam basarlar. Uçurymlar öz arzuwlan hünärleriniň eýeleri bolmak üçin ýokary okuw jaýlarynda okamak maksady bilen, ilki dalaşgär, soňra talyp bolarlar. Şeýle uly umyt-arzuwlar bilen olar özbaşdak täze bir dünýä gadam basyp, durmuşyň her bir pursatlarynyň gözli şaýatlary bolarlar.

Şeýle ajaýyp zamanada uçurymlar özleri üçin okamaga, döretmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar. Biz hem öz gezegimizde Watanymyzyň geljegi bolan uçurymlara ýagşy umyt-arzuwlar bilen täze durmuşa ynamly gadam basyp, eziz Diýarymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris.

S. ANNAGULYÝEWA.