Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmen halysynyň baýramyna

28.05.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda haly we halyçylyk sungatyna uly üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty döreden enelerimiziň öňünde baş egýärsiň. Ýurdumyzda her ýyl Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilmegi hem hormat-sylagdan nyşandyr. Türkmenistanyň halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa, gelin-gyzlarymyzy yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Olaryň halyçylyk sungatyna bolan söýgüsini hormatyny has-da artdyrdy. Munuň özi türkmen halysynyň milli sungat derejesinde ykrar edilmegidir.

Gadymy gymmatlyklarymyza milli mirasymyza, olaryň bakylygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Haly sungaty örän gadymdan gaýdýan serpaý bolup, medeni mirasymyzda aýratyn uly orny eýeleýär. Haly — türkmeniň kalby deý gözel hem-de türkmeniň ruhy ahwalyny, ýaşaýyş durmuşyny, müň bir syry özünde jemleýän taryhy kitap, umman ýaly aýratyn sungat. Türkmen halysy edepli-ekramly baýdak boýly gyz-gelinlerimiziň, kümüş saçly mährem enelerimiziň ýüreginde beslän mukaddes arzuwlarynyň nagşydyr, reňklerdäki çeper beýanydyr. Onuň agy Aýyň kümüş şuglasyndan, garasy ýyldyzly gijeden, sarysy Günüň tylla şöhlesinden, ýaşyly ýazyň ýaýlasyndan alnyp, gözel tebigatymyzy ýadyňa salýar. Şol ýerde halynyň her bir çitimine, öýdümine, nagyşlarynyň salnyşyna, reňkleriň sazlaşygyna özleriniň mähir-muhabbetini siňdiren on barmagyndan dür dökülýän türkmen zenanlarymyza müň keren alkyş aýdýarsyň.

Türkmen zenanlaryna olaryň el işlerine belent sarpa goýýan milli buýsanjymyz bolan gülden näzik türkmen halylaryny dokamakda zehin, akyl-paýhas, batyrgaýlyk, aýgytlylyk ýaly häsiýetleriň wajypdygyna has oňat göz ýetirýärsiň.

Milli mirasymyzy, buýsançly gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, medeni gatnaşyklary ösdürmekde, dost-doganlyk ýollaryny berkitmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurdumyzyň abadançylygyna gönükdirilen tutumly başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

O. BERKELIÝEWA.