Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport syýasatynyň gadamlary

11.05.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalarynda sport syýasaty möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu syýasaty halkymyzyň saglygyny berkitmekden başga-da, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň hemmeler üçin baş ýörelge bolmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda bina edilip, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary ýaş türgenleriň uly toparynyň kemala gelmegine ýardam etdi. Indi olar Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny belende göterýärler.

Bu aýdýanlarymyza ezber türgenlerimiziň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan uly üstünlikleri doly şaýatlyk edýär. Beýleki ulgamlar bilen birlikde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň sport ulgamynyň kanunçylygy hem döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Ulgamyň döwrebap kanunçylygy bolsa, ýurdumyzda sporty has-da ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýle tagallalaram jemgyýetimizde sagdynlygyň we ruhubelentligiň hemmelere ýar bolmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Nurmuhammet NURALYÝEW.

Ýolöten etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.