Bilimli nesil — kuwwatly Watan
11.05.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň pähim-paýhas mümkinçilikleriniň, başarnyklarynyň doly açylmagy, bilimleriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin ähli şertleri özünde jemleýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda maksada okgunly işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda döwletli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Tutanýerli zähmet çekýän bilim işgärleri ýaş nesliň döwrebap bilim almagyny watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini, sagdyn ösmegini gazanmaga çalyşýarlar. Şeýle işjanly bilim işgärleriniň arasynda Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherinde ýerleşýän 25-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Akbike Berdiýewanyň ady buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Bu mugallymyň baý iş tejribesi bar. Ol indi 25 ýyl bäri çagalara bar yhlasyny siňdirip, jany-teni bilen bilim-terbiýe berip gelýär. A. Berdiýewa häzirki wagtda 4-7-nji synp okuwçylaryna türkmen dilinden we edebiýatdan ders berýär, 7-nji “B” synpa ýolbaşçylyk edýär. Ol her bir geçýän sapagyny ýokary derejede guramak bilen öňdebaryjy, göreldeli okuwçylaryň sanynyň artmagyny gazanýar. Ol geçýän temalary boýunça okuwçylary öz aralarynda bäsleşdirip, gowy bahalar bilen höweslendirýär.
Çagalaryň geljegi üçin uly alada edýän 1-nji derejeli mugallym Akbike Berdiýewanyň Ýyldyz Akyýewa, Gülperi Annagurbanowa, Gülmira Berdiýewa ýaly okuwçylary mekdebiň iň göreldeli okuwçylarynyň hatarynda tanalýar. Olar türkmen dilinden we edebiýatdan test boýunça we ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolýarlar. Mugallymyň kärine bolan yhlasy, çagalar baradaky aladasy ýerine düşýär.
— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek üçin edýän uly aladalaryna guwanjymyzyň çägi ýok. Biz öz kärimizde päk ýüregimizden zähmet çekýäris — diýip, tejribeli mugallym Akbike Berdiýewa aýdýar.
Goý, bilim ulgamyna bimöçber uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan ähli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Galina RAHIMOWA.“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: tejribeli mugallym Akbike Berdiýewa sapak wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.