Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

02.05.2024

Bahar pasly ene toprak bilen iş salyşýan oba hojalykçylar üçin aýgytlaýjy möwsüm, iň jogapkärli döwür hasaplanýar. Bu pasylda edermen daýhanlar ýagşy umytlara, ruhubelentlige dolup, täze hasylyň aladasyna gurşalýar.

Tagtabazar etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginiň ekerançylary hem şu pasylda täze hasylyň düýbüni mäkäm tutmakda özara bäsleşip işleýärler. Hojalygyň ekin ýerlerinde şüdügär sürümi, ýeňil tekizleşik, ýerleri fosfor döküni bilen gurplandyrmak, geriş çekmek, tagt suwuny tutmak işleri agrotehniki talabalaýyk berjaý edilipdir.

Ýokary hilli tohumyň kadaly gögerip, ekinleriň merdemsi düýp tutmagynyň kepilidigine gowy düşünýän ekerançylaryň ümzügi öňe. Çünki, ekin meýdanlarynda ekilen tohumlyk çigidiň hiliniň ýokarylygy ýer eýelerinde täze hasylyň bereketli boljagyna umyt döredýär.

Bu hojalykda kärendeçileriň 70-e golaýy joşgunly zähmet çekip, 1241 gektar meýdanda ýaşajyk gowaçalara ideg edýärler. Olar şu günler gögeriş alnan ýerlerde gowaçanyň hatarara bejergilerini agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirýärler. Daýhan birleşiginiň 10-njy pagtaçylyk toparyna degişli ýerleriň göni ýaşyl hatarlary göwnüňi göteriji ýagdaýda. Howa şertleriniň ekine ýaramlylygy bolsa, ekiniň talabalaýyk ösmegine ýardam berýär. Tanymal pagtaçy kärendeçiler Ýazbegenç Jumaýewanyň, Toýly Hannyýewiň, Töre Jumaýewiň, Zöhrejemal Aganyýazowanyň kärende ýerleri daýhanlara görelde alarlykly derejede. Olar her gektaryň hasyllylygyny ýylyň-ýylyna ýokarlandyrmak maksady bilen zähmet çekýärler.

Tejribeli kärendeçi Rowaç Aganyýazowyň ady bu ýerde hormat bilen tutulýar. Rowaç indi 20 ýyl bäri topraga yhlas edip işleýär. Ol her ýyl däneden, pagtadan bol hasyl alyp, öňdeligi eýeläp gelýär. 6-njy toparyň göreldeli kärendeçisi hasaplanýan R. Aganyýazowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da gadamy batly. Her gektardan alynjak hasyly 35 sentnere ýetirmegi maksat edinýän kärendeçi Rowajyň gadamy batly.

Daýhan birleşiginiň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gündelik aladalary ekinlere talaba laýyk ideg edip, geljekde bol hasyl ýetişdirmekden ybarat.

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak barada oňyn işler edilýär, ýer eýelerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Tohum, dökün, suw, tehnika üpjünçiligimiz maksadalaýyk işlemäge mümkinçilik berýär. Ýazky gowaça ekişiniň gidişi, işleriň depgini geljekki üstünliklere ruhlandyrýar. Nesip bolsa, 2024-nji — “Pähim--paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da bedew batly zähmetimiz bilen bereketli hasyl ýetişdireris. Watanymyzyň at-abraýyny arşa göterjek beýik işlere saldamly goşant goşarys — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy, ömrüni daýhançylyga, ene topraga, halal zähmet çekmäge bagyşlan Tahyr Berdimyradow aýtdy.

Päk zähmet çekip, onuň eşretine eýe bolýan şeýle zähmet adamlary daýhan birleşiginiň abraýly ada mynasyp bolmagyna saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olar şu günler ir säherden, giç agşama çenli ekin meýdanlarynda gujur-gaýratly işleýärler. Şeýle hem gowaçanyň kadaly ösmegini gazanýarlar.

Galina RAHIMOWA.

“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ussat kärendeçi Rowaç Aganyýazow bilen baş agronom Tahyr Berdimyradow gowaça meýdanynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.