Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

29.04.2024

Halkymyzda bugdaý uly iliň soltany hasaplanyp, ony ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gallaçylygy ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Işlemäge, bol hasyl ýetişdirmäge döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde gallaçy daýhanlar ak ekiniň — bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Olar häzirki günlerde bugdaýyň idegini agrotehnikanyň talaplaryna görä üstünlikli dowam etdirýärler.

Welaýatymyzda bugdaýdyr pagtanyň bol hasylyny ýetişdirip görelde görkezýän kärendeçileriň birnäçesi bar. Olaryň biri hem Baýramaly etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Wepa Ýalkabowdyr. “Zer gadyryn zergär biler” diýlişi ýaly, bu kärendeçi ýer bilen iş salyşmakda tejribe toplan kärendeçileriň biri. Wepa Ýalkabow ýylyň-ýylyna bugdaýdyr pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirip, bellenilen meýilnamasyny üstünlikli berjaý edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 4,1 gektar ýerde eken bugdaý maýsalaryndan kärendeçiniň göwni diýseň hoş. Tejribeli kärendeçä meýdan işlerinde agzybir maşgalasy ýakyndan ýardam berýär. Agzybirlikde çekilen zähmet bolsa, özüniň oňat netijesini berýär.

— Synlaýşyňyz ýaly, iýmitlendirilen, ösüş suwy tutulan, ýazyň howasyna gowy boý alyp oturan gök öwüsýän maýsalar zähmetimiziň ýerine düşjekdigine güwä geçýär. Biziň maksadymyz dok maňyz altyn baş bugdaýlary kemala getirip, Watanymyzyň ösüşine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşmakdan ybarat — diýip, kärendeçi bilen söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Biz hem Wepa Ýalkabowa “Kesbiňizden kemal tapyň!” diýmek bilen, gallaly meýdanlarynyň berekede beslenmegini arzuwlaýarys.

Durdynabat BAÝRAMOWA.

«Maru — şahu jahan».
SURATDA: kärendeçi Wepa Ýalkabow bugdaýly meýdanynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.