Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmen bedewiniň milli baýramyna

18.04.2024

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözel Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär. Şu senä taýýarlyk işleri bilim-terbiýeçilik edaralarymyzda giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby biziň bedewlerimize bolan buýsanjymyzy goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şu günki gün ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmäge, behişdi bedewlerimiziň geçmişdäki şöhratyny has-da artdyrmaga ähli şertler döredilýär. Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Ahalteke atçylyk Akademiýasynyň açylmagy, welaýat merkezlerinde häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan bedewler hakynda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Baýramaly etrap geňeşi hem bedewlere bagyşlanan baýramçylyk mynasybetli etrabymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda dürli aýdym-sazly çäreleri, döredijilik duşuşyklary we wagyz-nesihat çäreleri geçirmegi meýilnamalaşdyrdy.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy gutly bolsun! Goý, uly ösüşlere barýan Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy, şöhraty hemişe bedew bady bilen dünýä ýaýylsyn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Muhammetberdi KUŞIÝEW.

Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygy.