Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il-günümiz hakynda alada

18.04.2024

Ajap zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da özgertmekde uly işler amala aşyrylýar. Şeýle tagallalaryň datly miwesini ilata edilýän awtoulag hyzmatynyň guralşyndanam göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza bolan iş sapary gününde il-günümiziň göwnüni galkyndyran şatlykly wakalar kalplarymyza nur çaýdy. Ilata edilýän awtoulag hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen “Türkmenawtoulaglar” agentliginiň “Maryawtoulag” önümçilik birleşigine hormatly Prezidentimiziň adyndan täze awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy.

Il-günümize sowgat berlen täze ulaglar Ýaponiýanyň önümi bolan häzirkizaman ulaglaryň 170-si “Toýota Coaster” kysymly orta synply, 20-si bolsa “Toýota Hiase” kysymly kiçi synply awtobuslardyr. Ýolagçylar üçin oňaýly şertleri bolan awtobuslaryň birinjisi ýolagçylaryň 28-sini, ikinjisi bolsa, ýolagçylaryň 13-sini gatnatmaga niýetlenendir. Döwrebap awtobuslar ýolagçylary şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnadyp başladylar. Täze ulaglaryň ilkinji ýolagçylarynyň buýsançly sözleri täze awtobuslaryň ýolagçylara hyzmatynyň ýokary hilli boljakdygyna güwä geçýär. Munuň özi ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň il-gün bähbitli işlerde üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň subutnamadyr.

B. MERGENOW.