Ösüş-özgerişleriň menzilleri
18.04.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň zähmet ýeňişli, şanly wakalary bilen gelýän ýyllary üstünliklere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň bady barha artýar. Şu özgertmeleriň üstünlikli amal edilmegi bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýylsaýyn ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolup, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň tutumly tagallalarda özüniň beýanyny tapýandygyna subutnamadyr.
Hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryny baýdak edinýän türkmen halky “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyly belent sepgitlere besleýär. 2024-nji ýylyň şanly wakasyna — Gündogaryň beýik akyldary, filosof, nusgawy şahyrymyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýuny guramaçylykly garşylamaga ykjam taýýarlyk görýär. Dana şahyrymyzyň halkara derejesinde belleniljek uly toýunyň dabarasy dag aşyp, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýulýan belent sarpa bolup ýaňlanar. Şanly wakalary bilen dabaralanyp, üstünlikli dowam edýän üstümizdäki ýylyň taryhy wakalary Garaşsyz Watanymyza guwanjymyzy goşalandyrýar.
Gadymy halkymyzyň guýy gazmagy, ýol çekmegi, köpri gurmagy sogap iş hasaplamagynda çuňňur many bar. Çünki, guýy gazmak ilatyň teşneligini gandyrmakdyr, ýol çekip, köpri gurmak bolsa, alys menzilleri ýakynlaşdyrmakdyr. Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli sogaply işleriniň bady barha artýar. Şeýle işleriniň birem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanyp, peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu ýoluň Aşgabat — Tejen aralygyndaky birinji tapgyry 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynyň barşynda bolsa, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ikinji tapgyrynyň Tejen — Mary böleginiň ulanylmaga berilmegine gatnaşdy.
Her tarapy üç, jemi 6 hereket zolagyndan ybarat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýer düşegi 34,5 metre barabardyr. Bu ýoluň hereket bölekleri biri-birinden ýörite zolaklar arkaly bölünip, hereket zolagyna her ugurda adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak goýlan. Şeýle hem haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak maksady bilen metal germewler edilendir. Awtobanyň Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýol çekmek ulgamynda öňdebaryjy tejribäniň we innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny ýatlamalydyrys. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasyna laýyklykda, “Altyn nesil”, “Edermen” hojalyk jemgyýetleri we “Ata melhem” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar. Ýene bir bellemeli zat bolsa, bu iri taslamanyň türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylýandygydyr. Şu ýoluň ugrunda elektron töleg terminallarynyň, wideogözegçilik enjamlarynyň, tizlik ölçeýjileriň, aragatnaşyk nokatlarynyň we innowasion yşyklandyryş sütünleriniň oturdylandygynam bellemelidiris. Şeýle hem awtobanyň ugrunda ýol hereketine gönükdiriji, hereketi sazlaýjy ýol belgileriň goýulmagy ýol hereketiniň sazlaşygyny we howpsuzlygyny üpjün edýär. Döwrebap ýoluň ugrunda ýangyç guýujy beketleriň, naharhanalaryň, myhmanhanalaryň, ulaglara hyzmat ediş nokatlarynyň gurulmagy ýolagçylara ähli amatlyklary döredýär. Şu desgalar dogrusynda oýlananyňda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap many-mazmun bilen gaýtadan dikeldilýändigi aňyňda aýlanýar.
Yklymlaryň we sepgitleriň amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan döwletimiz üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti örän uludyr. Çünki, bu ýol ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda giň mümkinçilikleri açýar. Üstaşyr-ulag gatnawlaryna ähli babatda bähbitli şertleri döredýär. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyzyň bu desganyň açylyşyna ak pata bermegi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy wakasy bolandygy buýsanjymyza buýsanç goşýar.
Baýram AMANOW.“Maru — şahu jahan”.