Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

18.04.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ynsan saglygyny goramakda, bejermekde we dikeltmekde giň gerimli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň oňat bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Täze hem döwrebap saglyk merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär, öňden bar bolan hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň durky täzelenýär. Has takygy, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durky täzelenip, has-da döwrebaplaşdyryldy.

Welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda “Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýeti tarapyndan durky täzelenen welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi enelere we çagalara niýetlenen iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, ol ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen. Eneler üçin niýetlenen bina 212 orunlyk bolup, onda eneleriň we göwreli zenanlaryň saglygyny goramakda ençeme amatly şertler döredilendir. Çagalar üçin niýetlenen bina 272 orunlyk bolup, onda çagalaryň sagdyn bolmagy, olaryň saglygyny goramak hem dikeltmek üçin giň mümkinçilikler bar.

Merkezdäki eneler we çagalar üçin niýetlenen binalarda olaryň saglygyny goramak, dikeltmek üçin birnäçe bölümler bar. Mundan başga-da, her binada kabul ediş, anyklaýyş we maslahat beriş, nesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri we kliniki-laboratoriýasy bolup, bu bölümlerde çaganyň we enäniň saglygy ugrunda aladalanýan ak ýektaýly lukmanlara yhlasly zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi we döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle döredilýän giň mümkinçilikler ähli ildeşlerimizi diýseň begendirdi, buýsandyrdy.

Şatlyk-şowhuna beslenen açylyş dabarasynda “Tiz kömek” we ýeňil awtoulaglarynyň berilmegi bu ýerde zähmet çekjek lukmanlaryň şatlygyny goşalandyrdy.

Enäniň we çaganyň saglygyny goramakda birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Sülgün ŞADYÝEWA.

“Maru — şahu jahan”,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi. SURATLARDA: açylyş dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.