Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

05.04.2024

Ýaş nesle bilim, asylly terbiýe bermek, olaryň sowatly, watansöýüji, zehinli bolmaklaryny gazanmak mugallymlaryň paýyna düşýär. Şeýle işjanly, kärine hormat goýup, yhlas bilen işleýän mugallymlaryň biri-de Tawus Ärsaryýewadyr.

Tawus kakasy Ýazmyradyň, ejesi Ýagşygülüň göreldesine eýerip, kiçilikden mugallym bolmagy arzuw edýärdi. Onuň bu arzuwy hasyl bolýar. Ol Tagtabazar etrabyndaky 7-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlap, Russiýa döwletinde bilimini artdyrýar. Mugallym 2018-nji ýylda Armawir döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň iňlis dili bölümini tamamlap, orta bilim alan mekdebinde işe başlaýar. Tawus Ärsaryýewa mekdepde iňlis dili dersinden okuwçylara bilim berýär. Ol tejribeli, işbaşarjaň mugallymlaryň hatarynda tanalyp, uly abraýdan peýdalanýar. Tawus mugallyma mekdebiň iňlis dili mugallymy Akbegenç Çalyýewa halypalyk edýär.

“Işleseň il tanar” diýleni. Tawus Ärsaryýewa diňe bir mekdebimizde däl, eýsem, etrabymyz boýunça tejribeli iňlis dili mugallymy hökmünde tanalýar. Ýeri gelende aýtsak, ol mugallym mekdebimizde ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy bolup, ýaşlaryň arasynda dürli çäreleri guraýar. Mugallymyň işine yhlasly ýapyşýandygy, edýän işiniň keminiň ýokdugy barada mekdebiň müdiri Tagan Hümmetgulyýew söhbetdeş bolanymyzda uly buýsanç bilen aýtdy.

Çary AMANGELDIÝEW.

“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: mekdebiň iňlis dili mugallymy Tawus Ärsaryýewa iş wagtynda.
Surata düşüren awtor.