Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

05.04.2024

Ülkämize ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen ene topragy işläp bejerýän oba adamlarynyň iş-aladasy has-da artýar. Oba hojalyk işgärleri möhüm işe, has takygy, gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Bu jogapkärli möwsüme Mary etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri hem doly taýýarlykly geldiler.

Daýhan birleşiginde kärendeçiler bugdaýdyr pagtadan we beýleki ekinlerden bereketli hasyl almak bilen azyk bolçulygyna goşant goşmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Geçen ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlän oba hojalyk işgärleri üstümizdäki — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem gowy netijeler bilen jemlemegi maksat edinýärler. Şu nukdaýnazardan hem topragy hemmetaraplaýyn ekişe taýýarlap, jogapkärli işe guramaçylykly girişdiler.

Hojalygyň zähmetsöýer daýhanlary 1410 gektar ýerde ekiş geçirip, şol ýerden 2930 tonna “ak altyny” Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýer eýeleri agrotehnikanyň talaplaryna görä, ekişi irki möhletde geçirmek üçin aladalanýarlar. Sebäbi, olar irki ekişiň irki hasyldygyna örän oňat düşünýärler.

Daýhan birleşiginde toprak bilen iş salyşmakda tejribesi ýetik kärendeçileriň birnäçesi bar. Olar her bir ekinden bolşy ýaly, gowaçadan hem bereketli hasyl almakda görelde görkezýärler. Goňşy kärendeçiler — Halmyrat Akyýew 2, Çarymyrat Ataýew 3, Maksat Hojagulyýew 3 gektar ýere eýelik etmek bilen gowaça ekişini öz wagtynda geçirmek üçin aladalanýarlar. Bu işde tehnikalara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlar kärendeçilere ýakyndan ýardam berýärler. Mehanizatorlar her günde birnäçe gektar ýere bereket tohumyny sepmek bilen, ekiş geçirilen göni hatarlaryň sanyny barha artdyrýarlar. Şeýlelikde, işiň depgini gün-günden artýar.

— Ekerançylyk ýerlerimizde agrotehnikanyň talaplaryna görä, işleriň utgaşykly alnyp barylmagy bilen toprak özüniň oňyn netijesini berýär. Tejribeli kärendeçileriň yhlas-tagallalary bilen ýerden göwün diýen netijämizi gazanýarys. Şeýlelikde, bellenilen meýilnamalarymyzy üstünlikli ýerine ýetirýäris. Gowaça hasylynda hem şeýle bolar — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Myrat Allanurow gürrüň berýär.

Biz hem hojalygyň pagtaçy kärendeçilerine “Tohumyňyz müňlesin!” diýýäris.

Durdynabat BAÝRAMOWA.

«Maru — şahu jahan».
SURATDA: kärendeçileriň özara pikir alyşýan pursaty. Surata düşüren Şamyrat AMADOW.