Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Saglygyň gadryny bilgil...

30.03.2024

Pasyl çalşygynda özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

Witamin С — askorbin turşusyna baý önümlerini kabul etmeli (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma, pyrtykal miwe şirelerini, kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini).

Sepgitde bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman Mähriban Arkadagymyzyň bize peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi ýatdan çykarmaň!

Kömelek we beýleki gök önümleri kabul edeniňizde, gigiýeniki talaplary berjaý etmegi unutmaň!

Iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dory berjaý ediň! Demir we aýna gaplara gaplanan iýmit önümlerini paslyň yssy günlerinde ürç edip kabul etmekden saklanyň. Kabul etmekçi bolsaňyz, onda olary söwda merkezlerinden satyn alyň. Öý şertlerinde olary talaba laýyk saklaň we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamagy we ulanmagy unutmaň!

Ýaz paslynyň her bir gününiň şemally, ýagmyrly, salkyn we yssy bolup bilmegini we howanyň derejesiniň üýtgäp durmagyny nazara alyp, ýaz paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň!

Ýaz paslynda dürli mör-möjekleriň tebigatda janlanýandygyny nazara alyp, olaryň çakmagyndan goranmagyňyzy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.