Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

30.03.2024

Welaýatymyzda orta mekdepleriň arasynda iş tejribesini öwrenmäge we ony ýaýratmaga mynasyp mugallymlaryň birnäçesi bar. Sakarçäge etrabyndaky 24-nji orta mekdepde informatika, matematika dersinden okadýan ýokary derejeli mugallym Amanmuhammet Täçkulyýew hem şolaryň hatarynda tanalýar. Amanmuhammet mugallym indi 30 ýyl gowrak wagt bäri bu dersden okuwçylara bilim-terbiýe berýär. Bu mugallym bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde aýratyn işjeňlik görkezýär. Tejribeli mugallymyň iş tejribesi öwrenilmäge mynasyp hasaplanylýar.

Biz Amanmuhammet mugallym bilen tanyşlygymyzyň dowamynda iş usullary we zehin bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarynda baýraklara eýe bolan okuwçylary dogrusynda gürrüň bermegini soradyk.

— Asylly däbe öwrülen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ylmy--döredijilik bäsleşigi hem zehinli ýaşlarymyzy ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Mekdebimiziň 11-nji “D” synp okuwçysy Kadyr Amangylyjow okuwçylaryň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginde informatika dersi boýunça görnükli ýerlere eýe bolýar. Ol 8-nji synpda bäsleşigiň etrap tapgyrynda 2-nji orna, 9-njy synpda bäsleşigiň welaýat tapgyrynda 2-nji orna, 10-njy synpda bäsleşigiň welaýat tapgyrynda 1-nji orna mynasyp boldy. Kadyr Amangylyjow 90 ýurt boýunça Wengriýanyň Seged şäherinde geçirilen 35-nji Halkara informatika olimpiadasyna gatnaşyp, höweslendiriji baýraga eýe bolmagy hem başardy.

Biziň okuwçymyz Gurbanmyrat Gylyjow bolsa, adaty hem ýöriteleşdirilen mekdepleriň arasynda matematika dersi boýunça geçirlen internet bäsleşiginde Türkmenistan döwletimiz boýunça 3-nji orna eýe boldy. Gurbanmyrat matematika dersine örän höwesli bolansoň, ol häzirki wagtda Magtymguly adyndaky TDU-nyň matematika fakultetinde okaýar.

“Altyn asyryň altyn zehinleri” bäsleşiginiň etrap, welaýat, döwlet derejesi boýunça geçirilýän tapgyrlarynda informatika we matematika dersinden ýokary orunlara eýe bolan okuwçylarymyzyň atlaryny guwanç bilen agzasym gelýär. Olardan Kadyr Amangylyjow 1-nji derejeli diplom almak bilen, informatika dersinden Bolgariýa döwletinde geçiriljek Halkara olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem Gudrataly Döwranow, Güljahan Geldimyradowa 3-nji derejeli diploma, Hojaberdi Gylyjow bolsa, matematika dersinden 3 nji derejeli diploma eýe boldy.

Umuman, şu günki günde informatika, matematika dersinden taýýarlaýan okuwçylarymyň sany 30-dan geçdi. Men okuwçylaryň edep-terbiýesi bilen bilelikde olaryň zehininiň artmagyny, gözýetimleriniň giňemegini gazanmaga çalyşýaryn. Mekdebe gelip diňe sapaklarymy okatmak bilen çäklenmän, olara özümiň bilýän zatlarymy goşmaça öwredýärin. Okuwçylaryň ylymly-bilimli nesil bolup ýetişmegi, Watanymyzyň şan-şöhrata eýe bolmagyna goşant diýip ynam bilen aýtmak isleýärin — diýip, informatika we matematika dersi mugallymy Amanmuhammet Täçkulyýew gürrüň berýär.

Biz hem A. Täçkulyýewe asylly mugallymçylyk kärinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Ýaş nesillere bilim bermekde ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.

Ogulşat BERKELIÝEWA.

“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: tejribeli mugallym Amanmuhammet Täçkulyýew ýeňiş gazanan okuwçylary bilen.
Surata düşüren awtor.