Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Şatlykly habar — ajaýyp sowgat

30.03.2024

Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wajyp meselelere garaldy, şol sanda Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ikinji kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy. Bu şatlykly habar ähli türkmen halkyny begendirdi. Çünki, bu ajaýyp kitapda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleri, medeni we ruhy däpleri giňişleýin açylyp görkezilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ikinji ajaýyp kitaby “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar” atly baplardan we birnäçe bölümlerden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda: “Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr” diýip, belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öňünde goýan aýdyň maksatlaryny beýan etmek bilen, ajaýyp kitabynda çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şanly geçmişini açyp görkezýär.

Şeýle gymmatly hem täsirli, gyzykly kitabyň halkymyza gowuşmagy hemmeleri buýsandyrýar. Çünki, bu ajaýyp kitap ýaş nesillerimize bahasyna ýetip bolmajak gymmatly taryhy çeşme bolup hyzmat eder. Bahasyna ýetip bolmajak hazynanyň ýaş nesillerimize türkmen halkynyň geçmişi bilen içgin tanyş bolmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ikinji ajaýyp kitaby ýaş nesillerimize geçmişe nazar aýlap, geljege sary beýik üstünliklere ýetmäge uly itergi bolar.

“Maru — şahu jahan”.