Oba hojalygy ösüş ýolunda
30.03.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Bu pudakda öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň netijesinde döwrebap ýyladyşhanalar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Amatly şertlerden ýerlikli peýdalanýan edermen daýhanlarymyz sahawatly türkmen topragymyzdan bereketli hasyl öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu bolsa azyk bolçulygynyň ýokarlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna ýardam berýär.
Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak bilen bagly halk bähbitli çözgütler kabul edildi. Has takygyny aýtsak, şu ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde, nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde, ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde bellenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu pudagy ösdürmek boýunça kabul edýän kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önüm öndürijilere, daýhanlara has netijeli işlemäge, ýerden bol hasyl almaga giň mümkinçilik döredýär.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem her bir oba hojalyk işgäri oba hojalyk pudagynyň ösüşine mynasyp goşandyny goşmak üçin tutanýerli zähmet çekýär. Şu günler bolsa ak ekine, ýeralma we beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek işi gyzgalaňly alnyp barylýar. Şeýle hem taýýarlykly gelinen gowaça ekişi guramaçylykly dowam edýär. Oba hojalyk işgärleri hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän kuwwatly tehnikalary we gowaça ekijileri bilen möhüm möwsümi talabalaýyk alyp barýarlar. Yhlasly zähmetiň netijesinde 162 müň gektar ýerde tehnikalar bilen ýokary hilli ekiş geçiriler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýan ýer eýeleri ýokary hasyl ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekerler. Üstümizdäki ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlärler.
Halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin oba hojalygyny gülledip ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Durdynabat BAÝRAMOWA.«Maru — şahu jahan».