Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

26.03.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda welaýatymyzyň zähmetsöýer pagtaçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän hemaýat-goldawlaryndan, ýeňilliklerinden ruhlanyp, täze hasylyň düýbüni tutmak işini yhlas bilen dowam etdirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 15-nji martynda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna görä, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 20-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 27-nji martda bu möhüm çärä başlarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip, welaýatymyzda gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge bagyşlanyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimleri we olaryň orunbasarlary, welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, oba hojalyk pudagyna degişli edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, daýhan birleşikleriniň başlyklary, agronomlar, öňdebaryjy kärendeçiler, ýer eýeleri, il içinde hormatlanylýan ýaşulular gatnaşdylar.

Tejribe maslahatyny welaýatyň häkimi Begençmyrat Orazow açdy we alyp bardy. Welaýatyň häkimi şu ýylyň 20-nji martynda gowaça ekişine girişmäge babadaýhanlarymyza hormatly Prezidentimiziň ak pata berendigini aýdyp, öňde möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtap geçdi. Ýerleriň, tehnikanyň, ýokary milli tohumlyk çigidiň taýýardygyny, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmäge mümkinçilikleriň döredilendigini belläp geçdi.

...Tolgundyryjy pursadyň öňýanynda Garagum etrabynyň “Aşgabat” daýhan birleşiginiň gowaça ekişine kemsiz taýýarlanylan meýdanyna ýygnanan adamlaryň ruhlary belent. Giň meýdanyň daş-töwereginde hatara duran traktorlar, oba hojalyk gurallary tehnikalaryň gowaça ekişine taýýardygyny aňladýar. Türkmen obasyny ýadyňa salýan ak öýleriň hatary, medeniýet we sungat ussatlarynyň bezemen sahnadaky aýdym-sazly çykyşlary, al-asmanda pasyrdaýan baýdaklar, pagta we pagtadan önýän önümleriň dürli görnüşleriniň sergileri bu ýere ýygnananlaryň ünsüni özüni çekdi.

Maslahata gatnaşyjylara ýerleriň gowaça ekişine taýýarlanyş düzgünleri, tohumlyk çigitleriň görnüşleri, ekiş möwsüminde olaryň ulanylyşynyň kadalary dogrusynda “Marypagta” önümçilik birleşmesiniň hünärmenleri degerli maslahatlary berdiler.

“Maryobahyzmat” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri bolsa tehnikanyň gowaça ekişine taýýarlanylyşy we ulanylyşy barada öz maslahatlaryny beýan etdiler.

Garaşylan pursat ýetip gelýär. Welaýatymyzyň edermen pagtaçylarynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bereketli hasyly üçin 162 müň gektar ýere gowaça ekmek ugrundaky asylly işleriniň başy başlanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen il sylagly ýaşulularymyz “Bismilla!” diýip, topraga bereket tohumuny sepdiler. “Ýylymyz bereketli bolsun, rowaçlyklara beslensin!” diýen dilegler bilen gowaça ekiji tehnikalar herekete girizildi.

Tohumyňyz müňlesin, ýylymyz rysgally bolsun mähriban pagtaçylar!

Sähet HOJAGELDIÝEW.

“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: welaýatymyzda gowaça ekişine girişilmeginden pursatlar.
Suratlary düşüren Döwlet MUHAMOW.