Bag — ýaşaýşyň bezegi
26.03.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen tebigaty goramak babatynda uly işler alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramak, tebigatyň gözelligini we baýlygyny geljekki nesillere ýetirmekde alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir.
Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýylda iki möwsümde — ýaz we güýz pasyllarynda bag oturtmak çäresi geçirilýär. Bu çärede millionlarça düýp bag nahallary oturdylýar. Öňki bar bolan nahallaryň düýpleri agardylýar, ýumşadylýar.
Üstümizdäki ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň çäginde welaýat derejesinde geçen bu asylly işe welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Olar saýalyk, bezeg we miweli baglaryň millionlarça düýbüni oturtmak, öňki bar bolanlaryna ideg etmek bilen tebigatymyzyň has-da gözelleşmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Daşky gurşawy goramakda işleriň alnyp barylmagy, her ýylda baglaryň millionlarça düýbüniň oturdylmagy tebigatymyzyň, dem alýan howamyzyň arassa bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Arassa howa bolsa ynsanyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.
Eziz Watanymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuwlaýarys.
Durdynabat BAÝRAMOWA.«Maru — şahu jahan».