Nesil terbiýesi — wajyp wezipe
16.03.2024
Işine jür, okuwçylaryň sowatly bolmagy üçin bar yhlasyny gaýgyrmaýan, zähmetsöýer mugallymlaryň biri-de Mamajan Hojaýewadyr. Mugallym Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyny tamamlap, indi 29 ýyl bäri okuwçylara himiýa we biologiýa sapagyndan bilim berip gelýär. Ol häzirki wagtda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdepde zähmet çekýär. I derejeli mugallymyň yhlasly zähmetiniň miwesini onuň okuwçylarynyň gazanýan ýeňişlerinde görmek bolýar. Okuwçylaryň zehininiň ýüze çykmagynda öz mynasyp goşandyny goşýar. Mamajan mugallymyň okuwçylary ders bäsleşiklerine, taslama bäsleşikleriniň şäher, welaýat tapgyrlaryna gatnaşyp, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolýarlar. Mugallym ençeme ýyl bäri ders hem-de taslama bäsleşiklerine emin hökmünde gatnaşýar.
SURATDA: himiýa sapagyndan pursat.Surata düşüren Şamyrat AMADOW.