El hünäri — il gezer
22.02.2024
Türkmen zenanlaryna mahsus bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ýumşak häsiýetleriň ählisiniň milli el işlerinde jemlenendigini aýtsak, hakykatdan daş düşmeris. Şeýle gylyk-häsiýetler bilen bejerilen nepis kürteleri, gülli tahýalary, milli lybaslary synlanyňda olara mähir-muhabbetiň siňdirilendigini görmek bolýar. Şonuň üçinem sünnälenip edilen el işleri ýyllar geçse-de, öz gymmatyny barha artdyrýar.
Biziň ussat keşdeçi, tikinçi zenanlarymyzyň el hünärleri nesilme-nesil dowam edip gelýär. Diňe bir orta ýa-da uly ýaşly gyz-gelinleriň däl, eýsem, ýetginjek ýaşlaryndaky gyzjagazlaryň hem el işlerine bolan höwesi we islegi günsaýyn artýar. Munuň şeýledigi bolsa biziň ene-atalarymyzy, ýaş nesle bilim-terbiýe berýän mugallymlary, diýseň, begendirýär. Şeýlelikde, türkmen gyz-gelinleriniň milli geýinmek medeniýeti ýurdumyzyň ösüşleri içre dünýä ýaýylýar.
Maýa ÖWEZDURDYÝEWA.S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy, TZB-niň işjeň agzasy.