"Ýylyň zenany" bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda
02.03.2021
Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi eziz Watanymyzyň hem-de halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän zenanlaryň arasynda ýylyň-ýylyna «Ýylyň zenany» bäsleşigini yglan edýär.
Golaýda Baýramaly şäher medeniýet öýünde şeýle bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Milli öwüşginde bezelen sahnada haly önümlerinden, owadan gülli keçelerden, gyz--gelinleriň milli egin-başlaryndan, bezeg şaý--seplerinden, muzeý gymmatlyklaryndan, surat eserlerinden, amaly-haşam sungatyndan guralan sergiler bäsleşige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Welaýat zenanlar bölümi tarapyndan guralan bäsleşige dürli kärde zähmet çekýän zenanlar uly höwes bilen gatnaşyp, olaryň hersi öz ugry boýunça sahna ussatlygyny görkezdi. Bu ýerde bir-birinden joşgunly çykyş eden zenanlar «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin», «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşýan goşandy üçin» ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler.
Başarjaň zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän mahmal owazly zenanlar şirinden-şirin aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Netijede ýokarda görkezilen ugurlara degişlilikde Ýolöten etrabyndaky 20-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Gülşat Alaşaýewa, Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy, çeper höwesjeň Laçyn Gullanowa, Sakarçäge etrap medeniýet bölüminiň Akýap geňeşligindäki Akýap oba medeniýet öýüniň müdiri Şemşat Täşliýewa, Murgap etrabynyň Watan geňeşliginiň ýaşaýjysy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi Çemen Berdiýewa, harby gullukçy Ogulnabat Ýakubowa, Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Ogulsapar Ýazymowa, Mary etrabynyň A. Mämmedowa adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy, welaýat zenanlar bölüminiň ýanyndaky işewür zenanlaryň merkeziniň başlygy, telekeçi Aýhan Rejepowa bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Ýeňiji bolan zehinli zenanlary bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň işjeň agzasy.
SURATDA: bäsleşigiň geçişinden pursat.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.